Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Neçža 2» atly täze animasion film Hytaýa köp syýahatçy çekdi

16:0926.03.2025
0
15284
«Neçža 2» atly täze animasion film Hytaýa köp syýahatçy çekdi
Surat: Gorod-kimry.ru

Hytaýly kinoçylaryň «Neçža 2» atly täze animasion filmi dünýäniň dürli ýurtlarynda millionlarça tomaşaçynyň ýüregini awlamagy başardy. Hut bu animasion kinonyň arkasyndan hytaý medeniýetine we taryhyna daşary ýurtlarda gyzyklanma barha artýar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Daşary ýurtly jahankeşdeler filmde hytaýly animator-suratkeşler tarapyndan haýran galdyryjy takyklyk bilen şekillendirilen Heýlunszýan ülkesine baryp görmek isleýärler. Indi daşary ýurtly myhmanlar bu syýahaty kynçylyksyz amala aşyryp bilerler. Sebäbi 2024-nji ýylyň dekabrynyň ortalaryndan başlap, daşary ýurtlulara Hytaýda wizasyz üstaşyr bolmak möhleti 240 sagada (10 gün) çenli uzaldyldy, ýurtda täze gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň 21 sanysy açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň