Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 2 esse artdy

09:2022.02.2025
0
22091

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistana eksportyny 2 esseden gowrak artdyrdy. Has takygy, geçen aýda umumy bahasy 62,2 million amerikan dollaryna deň bolan türkmen önümleri özbek bazaryna iberildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri deňeşdirilende, 2,6 esse ýokarydyr.

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň Türkmenistana eksporty 5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň deslapky aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň möçberi 67,2 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2 esseden gowrak köpdür. Deňeşdirmek üçin 2024-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 29,3 million amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 7,1 göterim artyp, 4,5 milliard amerikan dollaryndan geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň