Türkmenistan 2024-nji ýylda Özbegistandan ýer hozuny (arahis) import etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy.
Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň bermegine görä, geçen ýylda Özbegistanyň eksport eden ýer hozunyň importynyň 9,7 göterimi türkmen bazarynyň paýyna düşýär.
Şeýlelikde, hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurtdan iň köp ýer hozuny satyn alan dördünji döwlet boldy. 2024-nji ýylyň dowamynda türkmen bazary üçin Özbegistandan import edilen ýer hozunyň umumy möçberi 1429 tonna deň bolupdyr.
Sanawyň ilkinji üçlüginden Pakistan (4,08 müň tonna), Azerbaýjan (1,58 müň tonna) hem-de Russiýa (1,57 müň tonna) orun alypdyr.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Özbegistanyň ýer hozunyň eksportynyň umumy möçberi 14,5 müň tonna barabar bolupdyr. Ýer hozunyň eksportynyň umumy bahasy bolsa 22,3 million amerikan dollaryna deňdir.