Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

20:0215.12.2024
0
10704

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadag täze şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalary we bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurtda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän pursatlarynda mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň adyndan tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly bu ýerde goýlan şekil taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi. Görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän köpriniň şekil taslamalary we täze köpriniň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Akhan binasyndan Taýçanak binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.

Gahryman Arkadag görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem täze köpriniň bezeg işlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Gahryman Arkadag bu ugurda öwüt-nesihatlaryny berdi.

Alym Arkadag täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň ylmy esasda öwrenilmeginiň, olaryň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny belledi we şäheriň ekologiýa derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda ähmiýetli bolan seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar we Arkadag şäherinde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine maýa goýum serişdelerini çekmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berildi. Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bolsa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň