Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda degişli kärhanalar şu ýylyň geçen 10 aýynda tutuş «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 198 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 42 million kub metre barabar mawy ýangyjyň goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde, hasabat döwründe tutuş trest boýunça jemi 447 guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 341-sine derek 396-sy gaýtadan hatara goşuldy.
Trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 121,4 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 296,5 göterim berjaý edilmegi öwgä mynasypdyr. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşmagy başardylar.
Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 82 müň 587 tonnadan gowragy «Goturdepe», 63,6 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 52 müň tonna barabary bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär.
Döwlet konserniniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi soňky ýyllarda Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edildi. Guýy gazyjylar ýedi müň metre çenli we ondan hem çuň dag jynslaryny gazmaga ukyply burawlaýjy desgalara eýe bolan bolsalar, guýulary düýpli abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli bolan desgalary edindiler.
Daşary ýurtlaryň kämil enjamlaryna başarjaň erk edýän hünärmenler şu ýylyň diňe bir oktýabr aýynda önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 38-sini abatlap, ulanyşa tabşyrdylar. Netijede, bir aýda tutuş trest boýunça 31 müň 684 tonna derek 36 müň tonnadan hem köp «gara altyn», 6 million 510 müň kub metre derek bolsa 28 million 481 müň kub metr mawy ýangyç goşmaça alyndy.