2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy esasynda 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi.
Halkara maslahata Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň, ýurdumyzdaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt habarçylary, şeýle-de institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Halkara maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym J.Ratna, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym M. Hazarika Bhagati, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi A.Hanžin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri A.Burunow, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Halkara derejeli emin, Halkara derejeli sport ussady Ş.Mammedow dagylar çykyş etdiler.
Häzirki wagtda Türkmenistananyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde ençeme Kararnamalar hem-de Rezolýusiýalar yzygiderli kabul edilýär. BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan şeýle Kararnamanyň kabul edilmegi hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ýurtda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatynyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň ajaýyp güwäsidir.