Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy

00:1425.10.2024
0
12117

Hormatly döwlet Baştutanlary,

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Türkmenistan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellemek gerek. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär. Bu babatda ýurdumyz BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş etdi, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys.

Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmekden ybaratdyr.

Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar.

Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris.

Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarymyzdyr tekliplerimizi beýan etmäge döredilen mümkinçilik üçin guramaçylara ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek isleýärin.

Sözümiň ahyrynda netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabry)

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň