Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň ilkinji duşuşygy boldy

22:2911.10.2024
0
10233
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň ilkinji duşuşygy boldy
Surat: president.ir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Açyklyk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine çakylygy kabul edip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle-de eýranly kärdeşini Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Masud Pezeşkian bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan edip, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýotolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow EYR-nyň Beýik ruhy Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, belent mertebeli myhmanyň Eýranyň täze saýlanan Prezidenti hökmünde Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde uly orun eýeleýän iki ýurduň parlamentara dostluk toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maý aýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilendigi we Eýranyň wekilleriniň olara işjeň gatnaşandygy üçin eýran tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň