Turkmenportal logo
05.10.24
1972419724
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi
«Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi

«Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda degişli Karara gol çekdi.


Bellenilişi ýaly, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ilatynyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hem-de bu işleri halkara kadalara laýyklykda yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.