Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Aşgabat ylalaşygyna goşuldy

11:3409.09.2024
0
6478

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti ýurduň Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda ulag geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat ylalaşygyna goşulmagy baradaky karary tassyklady. Bu barada «Tazabek» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ylalaşyga goşulmagyň maksady ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek we şertnama gatnaşýan ýurtlaryň üsti bilen harytlaryň üstaşyr geçmegini ýeňilleşdirmekden ybaratdyr. Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi bu ylalaşygyň ýurtda durmuşa geçirilmegi boýunça jogapkär hökmünde bellenildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şertnamanyň güýje girmegi üçin ähli zerur işleriň tamamlanandygy barada türkmen tarapyna habar bermek tabşyryldy. Bu karar 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda resmi taýdan çap edilenden 15 gün soň güýje girer.

Aşgabat şertnamasyna 2011-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan, Özbegistan, Oman we Eýran Hökümetleri tarapyndan Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogardan üznüksiz gury ýer ýoluny üpjün edip biljek halkara ulag hem-de üstaşyr geçelgesini döretmek maksady bilen gol çekildi. Netijede Pakistan (2016), Gazagystan (2018) we Hindistan (2018) ýaly ýurtlar bu ylalaşyga goşuldy. Ylalaşyk 2016-njy ýylyň aprelinde güýje girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň