Turkmenportal logo
06.09.24
1337113371
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlungyndan orun aldy
Surat: atavatan-turkmenistan.com

Türkmenistan AI-95 benzininiň bahasy iň arzan bolan ýurtlaryň sanawynda ilkinji onlukdan orun aldy. Şeýle-de Türkmenistan bu görkeziji babatda Merkezi Aziýada liderlik edýär.


«Global Petrol Prices» portalynyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistan AI-95 benzininiň arzanlygy boýunça (1 litriniň bahasy 0,0429 amerikan dollary) dünýäniň dördünji döwleti boldy. Bu ugurda ilkinji üçlükde Eýranyň (1 litri 0,029 amerikan dollary), Liwiýanyň (1 litri 0,032 amerikan dollary) hem-de Wenesuelanyň (1 litri 0,035 amerikan dollary) ady bar.


Sanawda benziniň iň gymmat bolan ýurtlary hem mälim edilipdir. Oňa laýyklykda, benziniň iň gymmat ýurdy Gonkong bolup, ol ýerde 1 litr AI-95 benziniň bahasy 3,269 amerik dollaryna deňdir.