Turkmenportal logo
05.09.24
1635916359
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bag ekmek çäresini geçirdi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 4-nji sentýabrda Aşgabatda bag ekmek çäresini geçirdi.



Çäre Magtymguly adyndaky TDU-nyň çäginde geçirildi.



Bu çärä Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat we TDU-nyň rektory Orazgeldi Öwezsähedow gatnaşdy.



Ilçihananyň sosial ulgamlarda habar berşi ýaly, bu çäre planetanyň ýaşyl geljegini öňe sürmek üçin döredilen #Plant4Mother başlangyjynyň bir bölegi hökmünde guraldy.