Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Asuda akym» HJ işewürligiň gerimini giňeltmek üçin halkara hyzmatdaşlary gözleýär

15:4326.08.2024
0
8582

«Şir Ýag» haryt nyşany bilen çalgy ýaglaryny öndürýän «Asuda akym» kompaniýasy bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümler bilen gyzyklanýan daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.

25 000 inedördül metr meýdany bolan döwrebap kärhana her günde 80 tonna çenli, ýylyň dowamynda bolsa 20 000 tonna önüm öndürmäge ukyply kuwwatlyga eýedir. «Şir Ýagyň» assortimenti dürli hereketlendirijileriň we mehanizmleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp işlenip düzülen 25 görnüşli çalgy ýag görnüşini öz içine alýar.

Kompaniýa hil gözegçilik ulgamy bilen tapawutlanýar. Her önüm kompaniýanyň halkara ülňüleriniň berjaý edilmegini üpjün edýän öz tejribehanasynda düýpli synagdan geçirilýär. Motor ýaglaryny öndürmek üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýokary hilli çig mal ulanylýar.

«Şir Ýag» önümleri lomaý we bölek söwda üçin müşderileri özüne çekmek bilen, bahanyň we hiliň amatly sazlaşygyny hödürleýär. «Asuda akym» kompaniýasy eksport ugruny ösdürmegi maksat edinýär we amatly hyzmatdaşlyk şertlerini, çeýe nyrh syýasatyny hem-de özbaşdak çemeleşmäni teklip edip, ygtybarly daşary ýurt hyzmatdaşlaryny gözleýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplar kompaniýa şu salgy boýunça ýüz tutup bilerler: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72.

Goşmaça maglumatlary bolsa kompaniýanyň siryag.com web saýtyndan tapyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň