Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ajaýyp asyryň» ýyldyzy rus filminde surata düşer

11:1116.08.2024
0
6713
«Ajaýyp asyryň» ýyldyzy rus filminde surata düşer
Surat: gazeta.ru

«Ajaýyp asyr» atly meşhur türk serialynyň ýyldyzy Burak Özçiwit ilkinji gezek rus filminde surata düşer. Bu barada «Mash» Telegram-sahypasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Ady agzalan sahypanyň maglumatlaryna görä, Özçiwit «Ýigdekçäniň sözi. Asfaltdaky gan» diýen täze meşhur rus serialynyň ýyldyzy Ruzil Minekaýew bilen bilelikde kinoda surata düşmäge rugsat berdi.

Türk aktýory üçin Kazan şäherinde otelleriň birinde otagyň taýýarlanandygy bellenýär. Aktýora bir surata düşüş güni üçin 1,5-3 million rubl hak tölener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň