Top.Mail.Ru

TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi

11:1214.08.2024
0
7960

Ýene iki günden ― 16-njy awgustda Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Ozal hem habar berşimiz ýaly, möwsümiň öňdäki iki aýlawy 8 topar bilen dowam eder. Ilkinji iki aýlawda ýaryşyň içinde bolan Marynyň «Energetik» topary öz islegi bilen ýaryşdan çekildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy üçünji aýlawyň öňüsyrasynda resmi web saýtyndaky ýaryş tertibini täzeledi. Onda «Energetigiň» ýokdugy aýratyn göze ilýär. Yzda galan 16 duşuşykda 48 utuk toplan «Arkadag» futbol topary ýaryşyň başyny çekýär. 37 utukly «Altyn asyr» ikinji, 34 utukly «Ahal» üçünji orunda.

Üçünji aýlawyň ilkinji duşuşygy 16-njy awgust güni «Ahal» we «Aşgabat» toparlarynyň arasynda geçiriler. 17-nji awgustda bolsa «Arkadag» topary «Şagadamy». «Nebitçi» «Köpetdagy» kabul eder. Tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygy «aragatnaşykçylaryň» şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygyna gatnaşýandygy sebäpli başga bir güne süýşürildi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 19-njy tapgyryň duşuşyklary:

16-njy awgust: «Ahal» ― «Aşgabat»;

17-nji awgust: «Arkadag» ― «Şagadam»;

17-nji awgust: «Nebitçi» ― «Köpetdag».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň