Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan garpyzyň we gawunyň eksportynyň mukdaryny artdyrdy

19:0301.08.2024
0
18369

2024-nji ýylda Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň eksportynyň mukdary artdy. Eksportyň esasy paýy garpyzlara we gawunlara düşýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, şu ýylyň 7 aýynda garpyz eksportynyň mukdary tutuş 2022-nji ýyldaky eksportyň umumy mukdary bilen deňeşdirilende 10 esse, gawunyň 2023-nji ýyldaky umumy eksport mukdary bilen deňeşdirilende 9 esse ýokarlandy.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl türkmen garpyzlaryny esasy import ediji ýurtlar Russiýa Federasiýasy we Katardyr. Eksport edilen garpyzlaryň umumy mukdarynyň 62%-i Russiýa Federasiýasyna, 38%-i Katar döwletine iberildi.

Gawunyň şu ýylyň 7 aýyndaky eksporty 2022-nji ýylda gawun eksportynyň umumy mukdaryndan 1,2 esse, 2023-nji ýylda 1,4 esse ýokary boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gawun eksportynyň ep-esli bölegi Russiýa geçirildi. Bu ähli eksportyň 79 göterimine deňdir. Gazagystan türkmen gawunlaryny import edýän esasy ýurtlaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň