Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Zähmet Guramasynyň hünärmeni Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda duşuşyk geçirdi

10:1625.07.2024
0
6445

Aşgabatda Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) hünärmeni Manuel Rokso bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň başlygy we işgärleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

HZG-niň halkara hünärmeniniň iş saparynyň maksady Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň raýatlaryň zähmet hukuklary bilen baglanyşykly ýüz tutmalaryna garamak ukybyna baha bermekden ybarat boldy diýip, HHM ýazýar.

Duşuşykda Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky «2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynda» göz öňünde tutulan meseleleri durmuşa geçirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we ösüş ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara zähmet standartlary, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, Adalatçynyň edarasynyň zähmet hukuklary baradaky şikaýatlara garamakdaky hyzmaty we işi gözden geçirildi.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn dinamikasy bellenildi we öňdebaryjy tejribe alyşmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek, ilatyň kanuny sowatlylygyny artdyrmakda habarlylygy ýokarlandyrmak işini guramagyň ähmiýeti bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň