Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň ýük otlulary Türkmenistanyň çägi arkaly Hytaýa dowamly gatnawy amala aşyrar

16:4422.07.2024
0
9521

Eýran Türkmenistanyň çäginden geçjek ýük otlusyny Hytaýa iberdi. Otly 21-nji iýulda Eýranyň çägiden herekete başlady hem-de ýükleri Hytaýyň demirgazyk-günbataryna ýetirer. Otlynyň geçjek ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň 297 kilometr bolup, ol bu aralyk üçin iki hepde wagt sarp eder. Bu bolsa deňiz ýoly bilen şu aralyga ýükleri daşamak üçin sarp edilýän wagtdan iki esse azdyr. Bu barada «Press TV» habar berdi.

Eýranyň Eslamşehr şäherindäki Aprin portundan ugran otly Inçeburun demir ýol bekediniň üsti bilen Türkmenistana girer hem-de Gazagystan bilen serhetdäki Altynköl demir ýol bekedine çenli ýurduň çäginden geçer. Onlarça konteýner ýüki özünde jemleýän otlynyň ahyrky menzili Hytaýyň Iu şäheri bolar.

Eýranyň söwda we demir ýol işleri boýunça wise-prezidenti Morteza Jafari ýekşenbe güni agzalan ugur boýunça yzygiderli otly gatnawynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda deslapky meýilnama boýunça hepdede her tarapa bir otlyny ugratmagyň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi. Soňra bu sany hepdede iki gezege çenli artdyrmak, uzak geljekde bolsa günlük gatnawa öwürmek meýilleşdirilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Türkmenistan, Gazagystan, Eýran, we Russiýa 2024-2025-nji ýyllar üçin «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Ýol kartasyny» tassykladylar.

Mundan başga-da, türkmen tarapy 2023-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisinde Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça gatnawlary artdyrmaga çagyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň