Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler

23:5208.07.2024
0
7710

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda Balkan welaýatynyň häkimi bu sebitiň gallaçylarynyň bol hasyl ýygnap, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.

Şeýle-de Daşoguz welaýatynyň häkimi ýurduň demirgazyk sebitiniň gallaçylarynyň Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary döwlet Baştutanyna ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň edermen gallaçylaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda ýurduň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna jemi 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň tabşyrylandygy, häzirki wagtda orak möwsüminiň dowam edýändigi barada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň