Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň küşt boýunça çagalar ýygyndysy Batumide geçirilen Dünýä kubogyna gatnaşdy

10:4605.07.2024
0
6045

Türkmenistanyň küşt boýunça çagalar ýygyndy topary Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen 8, 10 hem-de 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen FIDE-niň Dünýä kubogynda çykyş etdi.

Türkmenistanyň wekilleriniň ilkinji gezek «gibrid» formatda geçirilen bu abraýly ýaryşa alty derejede çykyş etmek üçin çakylyk alandyklaryny bellemelidiris.

Türkmen küştçilerinden iň gowy netijäni görkezmek 10 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda bäsleşen Aýýa Baýramowa (Lebap) miýesser etdi. Ol öz toparynda 8-nji orny eýeledi. Soňra iki oýnuň netijeleri boýunça pleý-off tapgyryndaky garşydaşyny — singapurly Sim En Rui ýeňdi. Netijede ildeşimiz 15-nji ýeri eýeledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndysyna öz derejelerinde ýurdumyzyň çempionlary bolan küştçüleriň birnäçesi gatnaşdy: Aýlar Hemraýewa, Nebahat Muradowa, Çaryhekim Çaryýew, Omarbek Ismaýylow we Rauf Ýusupow.

Bu ýaryşa 37 ýurtdan 288 küştçi gatnaşdy. Medal gazananlaryň arasynda ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň wekilleri bar.

Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň ýaşlar, ýetginjekler we çagalar milli ýygyndylarynyň agzalaryndan 30-a golaýy Dünýä kuboklaryna gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň