Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ÇaparPay» goşundysy — Türkmenistanyň içerki gatnaw awiapeteklerini onlaýn almagyň amatly usuly

10:2502.07.2024
0
11291

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öz «ÇaparPay» mobil goşundysynyň giň mümkinçilikleri barada ýatladýar. «Google Play» hem-de «App Store» internet dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterli bolan bu innowasion hyzmat ulanyjylara dürli onlaýn hyzmatlardan peýdalanmagyň amatly usulyny hödürleýär.

«ÇaparPay» goşundysynyň esasy wezipelerinden biri hem içerki howa gatnawlary üçin awiapetekleri onlaýn satyn almak mümkinçiligidir. Telefon belgisi boýunça ýönekeý usulda hasaba alynmak bilen, ulanyjylar öýden çykmazdan bank karty arkaly ýeňillik bilen petek sargyt edip we onuň tölegini geçirip bilerler.

Goşundyny işläp düzüjiler onuň ulanyjylara örän oňaýly bolmagy üçin işleýşini yzygiderli täzelemek we giňeltmek bilen, hemişe hyzmaty gowulandyrmagyň üstünde işleýärler.

«ÇaparPay» gündelik işleriň tiz we netijeli çözülmegini gözleýän Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda barha meşhurlyga eýe bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň