Soňky habarlar

Arhiw

Asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag»ady goýuldy

10:4230.06.2024
0
29956

Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi.

Baýramçylyk maslahatynyň barşynda hoş habaryň gelip gowşandygy barada aýdyldy. Asman jisimlerini öwrenýän Kosmos-Ýer jemgyýetiniň alymlary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan guwanjyň we buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýdular. Bellenilişi ýaly, türkmenistanlylary ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle-de teleskopy we onuň düşüren suratlaryny Türkmenistanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Soňra agzalan güwänama, şeýle-de teleskop we onuň düşüren suratlary ýokary okuw mekdebine gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň