Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sandal we Jejeli Arkadag şäherinde konsert berer

13:4129.06.2024
0
26756

Şu gün meşhur türk aýdymçylary Mustafa Sandal we Mustafa Jejeli Aşgabada geldiler. Türk estradasynyň ýyldyzlary Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylanyldy.

Mustafa Sandal we Mustafa Jejeli Arkadag şäheriniň açylyşynyň 1 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde konsert bererler. Bu barada HHM ýazýar.

Ýeri gelende bellesek, agzalan türk ýyldyzlary mundan ozal hem Türkmenistana gelipdiler. Has takygy, Mustafa Jejeli 2013-nji ýylda, Mustafa Sandal bolsa 2022-nji ýylda Aşgabatda konsert beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň