Turkmenportal logo
15.06.24
3533735337
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Gurban baýramynyň günleri belli edildi we 16-njy iýundaky dynç güni 19-njy iýuna geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet Baştutany Gurban baýramyny bellemek bilen bagly resminama gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu ýylyň 16-17-18-nji iýunynda Gurban baýramy belleniler. Şeýle-de, resminama laýyklykda, şu ýylyň 16-njy iýunyndaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek bellenildi.


Habar berlişi ýaly, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.