Fransiýada 30 müň garaleňňeç ýaşaýyş öýüne hüjüm etdi

14:0414.06.2024
0
13013

Internetde garaleňňeçleriň 30 müňden gowragynyň ýaşaýyş öýüne hüjüminiň wideosy ýerleşdirildi diýip, «vfokuse.mail.ru» habar berdi. Waka Fransiýanyň demirgazygynda boldy.

Leňňeçler erkek kişiniň öýüne tutanýerlilik bilen hüjüm etdiler, öý eýesi olary düşektaýak bilen ýygnamaga mejbur bolýar. Ol garaleňňeçleriň çozuşyny wideo aldy.

Şeýle waka öň hem bolupdy, 2019-njy ýylda Florida ştatynda onlarça leňňeç ýerli ýaşaýjylaryň biriniň öýüni basyp aldy diýip, WPTV teleýaýlymy habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň