11-nji iýunda Aşgabatda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň barşynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol hem çykyş etdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, belent mertebeli myhman gadymy döwürlerde çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guralýan bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşmaga örän şatdygyny, bu çäräniň köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy. Şunda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Seula amala aşyran sapary bu ugurda möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol özüniň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça saparyny ilki Türkmenistana gelip görmekden başlandygyny aýtdy.
Gaz ulgamy türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu ýyl “Galkynyş” käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça desgany gurmak barada ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegine 15 ýyl dolýar. Belent mertebeli myhman şu barada aýtmak bilen, 2009-njy ýyldan bäri bu ulgamda hyzmatdaşlygyň hem-de özara tejribe alyşmak işleriniň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Giň gerimli işleri alyp barýan hem-de iri taslamalary durmuşa geçirýän işewürler döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekillerine hoşallyk bildirdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany uglewodorod serişdelerine örän baý bolan hem-de tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň senagat ulgamynda öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalara eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň, ozaly bilen, energetika babatynda hyzmatdaşlygyň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, koreý kompaniýalary Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň birnäçesini gurdular hem-de jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde abraýa eýe boldular. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň geljekde-de şeýle taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň senagat taýdan ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Prezident Ýun Sok Ýol söwda we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky pikirini hem beýan etdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýagdaýy baradaky meselä geçmek bilen, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Gämi gurluşyk pudagynda-da netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu ugurda Koreýa Respublikasy kuwwatly senagat mümkinçiligine eýedir. Häzirki wagtda “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda koreý we türkmen hünärmenleri bilelikde köp maksatly deňiz gämilerini gurmagyň üstünde işleýärler.
Bellenilişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk ykdysady ösüşe täze itergi berer we onuň çäklerinde ugurdaş hünärmenler hem taýýarlanylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň koreý dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Prezident Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny aýdyp, işewürlik maslahatynyň däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.