Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjan kompaniýasy Türkmenistanda oba hojalyk dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak isleýär

20:2508.06.2024
0
9675
 Azerbaýjan kompaniýasy Türkmenistanda oba hojalyk dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak isleýär
Surat: oxu.az

Azerbaýjanyň «AZCHEMCO» kompaniýasy Türkmenistanda öz tehnologiýasyndan peýdalanyp, suwuk dökünleriň we agrohimikatlaryň önümçiligini ýola goýmaga taýýar. Bu barada «AZCHEMCO» kompaniýasynyň wise-prezidenti Rifat Sultan-zade Aşgabatda geçirilen «TESC 2024» forumynyň çäginde mälim etdi.

«Biz «AZCHEMCO» kompaniýasynda zerur tehnologiýanyň bardygyny göz öňünde tutup, türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanda suwuk dökünleriň önümçiligini ýola goýup bileris. Doganlyk ýurtda täze önümçilige maýa goýmak bilen, kompaniýa suwuk azot we karbamidiň hem-de kükürdiň esasynda alynýan dökünleri öndürmegi meýilleşdirýär» diýip, Rifat Sultan-zade forumda eden çykyşynda belledi.

Şeýle hem ol «AZCHEMCO» kompaniýasynyň Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygyny we onuň gazylyp alynýan mukdarynyň uludygyny hasaba alyp, tebigy gazdan öndürilen kükürdi gaýtadan işlemek we kompaniýanyň önümçiligi üçin çig mallara öwürmek üçin öz tehnologiýasyny hödürlemäg taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň