Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdanyň mukdary 30% töweregi ýokarlandy

17:0605.06.2024
0
10218
Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdanyň mukdary 30% töweregi ýokarlandy
Surat: orient.tm

4-nji iýunda Daşkentde «Merkezi Aziýa — Hytaý» analitik merkezleriniň dördünji forumy öz işine başldy.

Çärede Hytaýyň Sosial ylymlar akademiýasynyň baş sekretary Çžao Çžimin çykyş edip, forumyň Hytaý bilen Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm ornunyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerini nova24.uz paýlaşdy.

— Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn dinamikasy 2023-nji ýylda ykdysady ösüşe sebäp boldy. Hytaý bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwdanyň mukdary 30% töweregi ösdi — diýip, Çžao Çžimin öz çykyşynda belledi.

Şol bir wagtyň özünde, Çžao Çžimin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe möhüm ugurlaryň hatarynda ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, ylym we bilim ýaly ugurlary görkezdi.

Forumda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyndan Şiri Şiriýew we Döwletmyrat Mämmedow çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň