Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Ş.Şiriýew Daşkentde Özbegistanyň Merkezi Aziýa Halkara institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi

15:2831.05.2024
0
11077
 Türkmen diplomaty Ş.Şiriýew Daşkentde Özbegistanyň Merkezi Aziýa Halkara institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
Surat: uzdaily.uz

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Ş.Şiriýew Özbegistanyň Merkezi Aziýa Halkara institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Daşkentde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi: howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze gün tertibi» atly bilermenler forumynyň çäginde guraldy.

Şiri Şiriýew sebitleýin howpsuzlyk meseleleriniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB-niň seljeriş merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýa Halkara institutynyň arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin bilelikdäki konferensiýalary, tegelek stollary we okuw maslahatlaryny guramak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen-özbek maslahatyny geçirmek boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ş.Şiriýew Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly ähmiýet berilýändigini, muňa şu ýylyň fewral aýynda Özbegistanyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewiň ýurtda bu sene bilen bagly çäreleri geçirmek baradaky resminama gol çekmeginiň hem şaýatlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň