2024-nji ýylyň 4 aýynda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň demirbeton kärhanasynyň kerpiç zawodynda 950 müňden gowrak bişen kerpiç öndürildi. Diňe maý aýynyň dowamynda zawod boýunça 300 müň kerpiç taýýarlanylyp, göz öňünde tutulan meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, ýokary hil derejesindäki bu önümler gurluşyk meýdançalaryna öz wagtynda ugradylýar. Önümçilik ulgamlarynyň üznüksiz işledilmegi netijesinde, zawodda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108 göterim ösüş gazanyldy.
Häzirki wagtda demirgazyk welaýatyň dürli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň aglabasynyň gurluşyklarynda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň demirbeton kärhanasynyň kerpiç zawodynyň bişen kerpiçleri ulanylýar. Häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, täze bölümleriň işe girizilmegi netijesinde, bu zawodyň önümçilik kuwwaty ep-esli ýokarlandy diýlip, habarda bellenilýär.