Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza» DES-de 384,2 million kilowat sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi

10:0929.05.2024
0
7699

Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri iş depginlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýmagy başarýarlar. Olar 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 384,2 million kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Kärhanada geçen ýylyň ilkinji dört aýy bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat sagat elektrik energiýasy artyk öndürilip, önümçiligiň ösüş depgini 135 göterime barabar ýokarlandy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 3-nji noýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde has kuwwatly döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Şol gün döwlet Baştutanynyň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Guwlymaýak şäherçesinde-de medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbi tutuldy hem-de Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy işe girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň