Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bäherden etrabyndaky sement zawodynda dört aýda 112,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi

07:0024.05.2024
0
6278

Bäherden etrabyndaky sement zawodynyň önümlerine isleg barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bu kärhanasynda 2024-nji ýylyň geçen dört aýynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan sementiň önümçiliginde gazanylan görkezijiler hem şeýle diýmäge esas berýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde berilýän habarda bellenilýär.

2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda zawodda 68 million 233 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 112,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanada ýylyň başyndan bäri öndürilen ýokary hilli sementiň dürli görnüşleri ýurtda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda ulanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň