Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda miweleriň we üzümiň täze sortlaryny ýetişdirmegiň üstünde işlenilýär

08:5506.05.2024
0
5825

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatyndaky Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde pürli, saýaly, miweli baglaryň nahallaryny agrotehniki talaplara laýyk ösdürip ýetişdirmek ygtybarly ýola goýulýar. Alymlardyr hünärmenler tarapyndan ylmy-amaly we sort-synag işleriniň dowamly geçirilmegem peýdaly, bähbitli netijeleri berýär.

Muňa bolsa günorta miweli we subtropiki miweli baglaryň nesil gorlarynyň öwrenilmegi netijesinde ýurduň tebigy şertlerine uýgunlaşdyrylan hurmanyň, ýumşak däneli naryň, injiriň, arnabyň, üzümiň birnäçe sortlarynyň geçen ýyllaryň dowamynda halkara sergilerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmagam aýdyň şaýatlyk edýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçirilen köpýyllyk tejribeleriň, sort-synag işleriniň netijesi-de ýurduň daglyk zolaklarynyň deňiz derejesinden 1000-1200 metr belentliklerinde düme şertlerinde ösüp, oňat hasyl beriş ukybyna eýe bolan üzüm sort görnüşleri, beýleki birnäçe sortlaryň nahallary-da köpeltmek arkaly ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda merkezde üzüm gorlarynyň 419-a golaý sort görnüşlerinde ylmy-barlag işleri geçirildi. Olar Ýewropa ýurtlaryndan, şeýle-de Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, Eýran, Fransiýa ýaly ýurtlardan getirildi. Şolaryň jemi 80 göterimi halk seçgi işleriniň netijesinde alyndy.

Umumy meýdany 734 gektary tutýan ylmy-önümçilik synag merkezinde üç bölüm bar. Olar miweli baglaryň we üzümiň nesil gorlary, subtropiki baglaryň nesil gorlary hem-de hojalyk bölümlerinden ybaratdyr.

Merkezde zähmet çekýän ylmy işgärleriň, bagbanlaryň, hünärmenleriň her biri öz käriniň hakyky ussatlary. Olar merkezde naryň ýumşak şänikli görnüşini döredipdirler diýlip, habarda bellenilýär.

Narlaryň ýüzlerçe sortunyň, beýiniň, armydyň hersinden 34, injirdir hurmanyň bolsa her biriniň 92, almanyň 137, zeýtunyň 101, pissäniň 43, badamyň 37, arnabyň hem 59 sany medeniýetleşdirilen görnüşleri bar.

Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýolbaşçysy Bilbil Annaorazowanyň belleýşi ýaly, ýurduň beýleki welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýän beýiniň, üljäniň, şonuň ýaly-da üzümiň «Şaserpaý», «Änew», «Berkarar», «Galkynyş», armydyň «Wilýamis», «Etruşka», şetdalynyň «Samanta» ýaly sort görnüşleri merkeze getirilip, synag geçirilýär. Mundan başga-da, 2024 — 2026-njy ýyllar üçin tassyklanan «Bag toplumyny baýlaşdyrmakda ýabany miweli ösümlikleri ulanmak» diýen tema boýunça toplumlaýyn ylmy işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň