Astrahan sebitinde Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy

12:4723.04.2024
0
6966

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň Funtow obasyndaky orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde ýerleşýän muzeýiň açylyşyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň ýolbaşçysy we wekilleri, sebitiň degişli düzümleriniň wekilleri hem-de orta mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti täze muzeýe gymmatly eksponatlary –suratlary we şaý-sepleri gowşurdy. Türkmen medeniýetini açyp görkezýän muzeýde milli eşikler, bezegler we döredijilik eserleri, Magtymguly Pyragynyň suratlary ýerleşdirilipdir.

Dabaranyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Haýdarow türkmen halkynyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada jikme-jik gürrüň berdi.

Çärä gatnaşyjylar täze muzeýiň eksponatlaryna tomaşa edip, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň