Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar

07:1020.04.2024
0
9659

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, iş toparlary tarapyndan raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny goramak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy.

Şeýle-de ýurtda sanitariýa işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak, ylmy edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliniň BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan Norwegiýa Patyşalygynyň Oslo şäherinde geçirilen parlamentarileriň halkara maslahatyna gatnaşandygy barada hem aýdyldy.

Mundan başga-da, deputatlar ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan forumlara, duşuşyklara gatnaşdylar.

Deputatlaryň döwlet syýasatyny, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan halkara başlangyçlary, ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli çärelere gatnaşýandyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany daşary ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň