Soňky habarlar

Arhiw

Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady

12:1315.04.2024
0
12421

Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi öz işine başlady. Iri göwrümli çäre 19-njy aprele çenli dowam eder.

Foruma synçy döwlet höhmünde Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa we Gresiýa, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza 19 ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylary we ýokary derejeli wekilleri gatnaşýarlar.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny okady.

Şeý­le hem Aş­ga­bat fo­ru­myn­da «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň gu­ra­ma­nyň ag­za­ly­gy­na go­şul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy hem bel­le­ner.
Çä­re ýur­duň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýan ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan baş­la­nan bir­nä­çe mö­hüm wa­ka­ny dowam et­di­rer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň