Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

04:2729.03.2024
0
11713
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdullahiýany kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Eýranda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýändigi bellenildi.

--- Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, bu toparyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika we ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşyldy. Bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi hem-de üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk we işlerinde üstünlikleri arzuw edip, doganlyk döwletleriň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda geljekde-de giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň