Eýranyň daşary işler ministriniň Aşgabada sapary başlandy

15:0128.03.2024
0
12338
Eýranyň daşary işler ministriniň Aşgabada sapary başlandy
Surat: mfa.gov.ir

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sapar bilen Aşgabada geldi. Eýran wekiliýetini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow garşylady.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, eýran wekiliýeti saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirer. Ýokary derejedäki kabul edilşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle-de bar bolan mümkinçilikler esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşyklaryň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça-da pikir alşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň