Türkmenistanda sportuň täze fijital görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler

16:2726.03.2024
0
12518

2024-nji ýylyň 1 – 6-njy apreli aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlaryň hem-de açyk gapylar hepdeligi geçiriler. Ýaryşlar we ugurdaş çäreler Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan bilelikde guralar.

Bu çäräniň dowamynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik — döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahat, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Açyk gapylar» hepdeligi, «Ylymda, bilimde we sportda innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahat we onuň çäklerinde ýokary tehnologiýalaryň sergisi, şeýle-de talyplaryňdyr okuwçylaryň arasynda fijital-basketbol, fijital-stol tennisi, fijital-karate-do, fijital-futbol ýaly ugurlar boýunça ýaryşlar geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, fijital sport (hereketli-sanly sport) — sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň