Oýun meýdançasy bolan «Soltan Loft» restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guraýar

10:2416.03.2024
0
14732

«Soltan Loft» restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guramak hyzmatyny hödürleýär.

Dürli ýaşdaky oglan-gyzlaryň göwnünden turjak köp sanly attraksionlary bolan güýmenje meýdançasy myhmanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde oýun enjamlary, konstruktorlar, hiňňildikler, karuseller, dyrmyşmak üçin öýjagazlar we beýlekiler bardyr.

Şeýle hem «Soltan Loftda» kiçijik oýunjak dükany hem-de süýjülikler we içgiler satylýan naharhana bar.

Restoranyň menýusy çagalaryň we ýetginjekleriň gowy görýän tagamlary göz öňünde tutulyp düzülendir: kitirdewük fri, şireli gamburgerler we çizeburgerler, towukdan we gök önümlerden taýýarlanan işdä açyjy tagamlar, şeýle hem türk süýjülikleriniň dürli görnüşleri.

«Çagalar baýramçylygy – elmydama tolgundyryjy wakadyr: onuň şadyýan we gyzykly geçmegi üçin köp sanly aýratynlyklar barada pikirlenmeli. «Soltan Loft» restorany ähli aladalary höwes bilen öz üstüne alar we çagalar baýramçylygyny ýokary derejede gurar» diýip, restoranyň wekili belledi.

«Soltan Loft» restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa), köç., 72, «Soltan» binasy. Habarlaşmak we stol bronlamak üçin telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň