Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Nepesow «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy — 2023» atly taslamanyň ýeňijisi boldy-diýip, ýokary okuw mekdebiň web sahypasynda habar berildi.
Bu çäre Halkara ýaş alymlar assosiasiýasynyň we «БОБЕК» umumymilli hereketiniň goldawy bilen guraldy.
Taslama Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan ýaş alymlaryň ençemesi gatnaşdy.
Baýnazar Nepesowyň ylmy işine eminler ýokary baha berdiler we ol I derejeli diploma hem-de «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» ýazgyly nyşana mynasyp boldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň «Iň gowy ýaş alym — 2023» taslamasy GDA-nyň ýaş alymlarynyň ylmy we şahsy üstünliklerini wagyz edýär. Bu taslamanyň esasy maksady ýaş alymlaryň iň gowy we täzeçil eserlerini kesgitlemekden, ylmy gyzyklanmalary öňe sürmekden ybaratdyr.