Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Türkiýä we Ýewropa gaz ibermek mümkinçiliklerini mälim etdi-diýip «Коммерсантъ» habar berdi.
Çeşmede bellenişine görä, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen gazyny Hazar deňziniň ýa-da Azerbaýjanyň, Eýranyň üsti bilen Türkiýä we Ýewropa iberip boljakdygy nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Galkynyş» käninde gazyň gorynyň 27 trillion kub metre deňdigini hem aýtdy.
Belläp geçsek, tebigy gaz gorlary boýunça Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dünýäde dördünji orny eýeleýär.
Ýadyňyzda bolsa, mundan ozal Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Antalýada geçirilen gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigi barada habar berildi.
Duşuşykda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny:
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama;
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.