Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitçi» Bakuda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň soňky oýnunda «Sumgaitden» üstün çykdy

13:0401.03.2024
0
19949

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň soňky oýnunda türkmen topary Baku şäherinde «Sumgait» futbol kluby bilen güýç synanyşyp, 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. «Nebitçiniň» düzüminde Aşyr Jumadurdyýew dubl etdi, Bäşim Gurbanberdiýew we Seýitmämmet Hojamämmedow dagy bolsa öz atlaryna bir goldan ýazdyrdylar.

Mundan ozal, Hojaahmet Arazowyň şägirtleri «Baku» we «Şamahy» toparlaryny birmeňzeş 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdiler hem-de «Fizuli» klubyndan 1:2 hasabynda asgyn gelipdiler.

«Nebitçi» Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji oýnunda «Merw» bilen duşuşar. Oýun 4-nji martda Balkanabatda geçiriler.

«Nebitçiniň» Bakudaky OTÝ-de geçiren oýunlarynyň netijeleri:

  • «Nebitçi» – «Fizuli» – 1:2 (gol: Daýanç Nuryýew);
  • «Nebitçi» – «Baku» – 2:0 (gollar: Serdar Tükiýew, Seýitmämmet Hojamämmedow);
  • «Nebitçi» – «Şamahy» – 2:0 (gollar: Aşyrgeldi Saryýew, Seýitmämmet Hojamämmedow);
  • «Nebitçi» – «Sumgait» – 4:2 (gollar: Aşyr Jumadurdyýew (2), Bäşim Gurbanberdiýew, Seýitmämmet Hojamämmedow).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň