Turkmenportal logo
29.02.24
1245112451
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär
Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýärSurat: turkmenmetbugat.gov.tm

Şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi hem gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl maldarlar 79 müň 206 sany ene goýundan 72 müň 718 sany guzy almagy meýilleşdirdiler.


Häzirki wagtda Lebap welaýatynda dowarlardan alnan owlak-guzularyň sany 12 müň 452-ä ýetdi. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, möwsümde owlak-guzy almak boýunça «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygy öňe saýlanýar. Bu ýerde täze dogulýan owlak-guzularyň sany 5100-e barabar boldy.


«Tallymerjenliler» möwsümde 14 müň 426 sany owlak-guzy almagy maksat edinýärler diýlip, habarda bellenilýär.