Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

10:2721.02.2024
0
25473

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar «2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna» laýyklykda ozal geçirilen çäreleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler.

Duşuşygyň ahyrynda HZG-niň Sebitleýin direktory B.Andres türkmen tarapynyň Guramanyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmäge ygrarlylygyny goldady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň