Turkmenportal logo
10.02.24
7878978789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi
Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi

Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewa bellenilip, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara 9-njy fewralda ýurtda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.