Turkmenportal logo
07.02.24
3455434554
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň talyp toparlary «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň talyp toparlary «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplar toparlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralýan «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar.


IT-bäsleşik institutda 18-19-njy martda geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.


Bäsleşige ýurduň her ýokary we orta hünär okuw mekdebinden sanly tehnologiýalar ulgamynda bilimleri hem-de başarnyklary bolan, sanly pikirlenmä ukyply we häzirki zaman sanly giňişligiň şertlerinden erkin baş çykaryp bilýän üç gatnaşyjydan ybarat bir topar gatnaşyp biler.


Gatnaşmak üçin çäräniň guramaçylyk toparyna 1-nji martdan öň tdbgi.hakaton@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly arzany ýollamalydyr.