Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Idris baba medresesi» taryhy ýadygärligine barýan ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişildi

13:4006.02.2024
0
32141

2024-nji ýylda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Idris baba medresesi» taryhy ýadygärligine barýan ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Lebap ýol gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýan işde Türkmenabat — Kerki gara ýolundan ýadygärlige çenli 6570 metr aralyga çekiljek täze ýoluň ini 7 metre barabar bolar.

Şu günler köne asfalt örtügini aýyrmak işleri doly tamamlanyp, täze asfalt ýazmaga girişildi. Şol bir wagtyň özünde çäge, çagyl garyndylary daşalyp, olaryň düşeljek ugurlarynda tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ýoluň gurluşygynda döwrebap tehnikalaryň 10-dan gowragy ulanylýar.

Şu ýyl bu taryhy ýadygärlikde akyldar şahyra bagyşlap birnäçe dabara geçirmek meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň