Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna 2 müň tonna suwuklandyrylan gaz ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberildi

01:2704.02.2024
0
27944

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji fewralda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, şu gün – 3-nji fewralda Türkmenistandan 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna ugradyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaş ýurda ynsanperwerlik ýüki hökmünde muzdsuz iberilen suwuklandyrylan gaz gyrgyz halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna goldaw bermek ugrunda edilýän tagallalara türkmen halkynyň özboluşly goşandydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň