Ýakynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew bilen Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljon Koçkarowyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen-özbek sebitara işewürlik forumyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
«UzReport-iň» habar bermegine görä, duşuşykda söhbetdeşler Lebap welaýaty bilen Özbegistanyň Buhara welaýatynyň arasyndaky serhetýaka söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem özara söwdanyň göwrümini artdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Buharada geçirilen ikinji türkmen-özbek sebitara forumynyň netijelerine ýokary baha berildi. Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda 450 million dollardan gowrak söwda we maýa goýum şertnamalary baglaşyldy.
Häkim Ş.Amangeldiýew şu ýyl sebitara forumy Türkmenabatda geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Bu çärä Türkmenistanyň we Özbegistanyň ähli sebitlerinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň çäklerinde iki ýurduň önüm öndürijileriniň sergisini guramak hem meýilleşdirilýär.